- ujypsyz
- [ujy:psyz]1) Örän az, sähelçe, sähel.∙ Olar örän ujypsyz hak alýardylar. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)2) Biderek, ähmiýetsiz.∙ Ujypsyz iş üçin haşlamagyna bolsa Aýnanyň gülküsi tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Ejeňi ynjydýanyň şonuň ýaly ujypsyz zat üçinmi? (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.